ZALYM BIR GANHORYŇ BOÝUN ALMALARY (Saglyk)
Bu ýazgy ganly wakalary öz içine alýar. Şonuň üçin ýüregi ejiz okyjylara okamagy maslahat BERÝÄN! Gowuja serediň okamagy maslahat BERÝÄN diýendirin.
Şu wagta çenli näçe ynsan öldürendigim ýadyma düşenok. Entek hem kösäp öldürýän adamlarymyň sanyny bilmek mümkinem däldir.
Köplenç gurbanlarymy ter-u-täze ýaşlaryň arasyndan saýlaýaryn. Olara şeýle bir salyhatly, ýakymly, tämiz we tertipli görönýarin we kabul edilýärinki, mürähetime ýok düýmek kyndyr. Meniň garşymda güýçli erki, ynanjy we bilimi bolan biri durup biläýmese, şolardan haýsydyr-biri şahsyýetinde ýetmezçilik edýän ýaşlar ummasyz bir hazyna tapan ýaly maňa ýapyşýar, uly bir syr we gizlinlik içinde meni kalbynyň çuňlugynda, jigerleriniň özeninde, damarlarynyň içinde doýmak-dolmaýak bilmeýän şekilde saklamaga we bu şekilde ýaşamaga başlaýarlar.
Meniň zulmuma düşünen, bilen we duýan wagtynda-da yzyna dönüp bilmejek derejede bir zalym döwüň elinde gyzykly oýunjak ýaly; ýalynlar, tüsseler, zir-zibil yslary bilen gurşalandygyny, gaçyp biljek gapylarynyň mäkämlenendigine düşünip galýar.
Köplenç zulmumy zyýansyz hasaplap, hassalyklarynyň sebäbini diňe başga ýerlerden gözläp, lukmana ýüz tutanlarynda-da menden şikaýat etmegä beýle dursyn, hatda ýatlamaýarlaram.
Wagtal-wagtal gazetlerde, kitaplarda hatda telewizorlarda gollaryny, aýaklaryny men sebäpli kesdiren ynsanlar hakynda habarlary, rak keselinden olary ejir çekdirip-çekdirip öldürendigim we ýene öldürmäge dowam etjekdigim hakyndaky “myş-myş” olaryň gulaklaryna ilýändigine garamazdan, men olaryň beýnilerinde şeýle bir tagt gurýarynki, meni aýyryp zyňmaga hiç milt edip bilmeýärler.
Köplenç çagalaryna çörek almaly pullaryna; bilime, dermana, ene-atalaryna, geýim-gejimlerine, iýjeklerine, içjeklerine berjek sowalgalaryny gysyp, öz mähribanlaryna siňdirmeli pullaryny maňa bagyş edýärler.
Dünýä gözüm açan wagtym çagalygymy Amerikada geçirenimden soň men Angliýa geldim we olaryň maňa has ýakyndan eýe çykmagy bilen gysga wagtyň içinde bütin ýurtlara aýlanyp çykmak miýesser etdi. Aýlanan ähli döwletlerimde milletlerimde, diňe güler ýüz bilen garşylandym. Musulmanlar-da, hristiýanlar-da, ýahudiler-de, butparazlar-da, ateist, komunist, faşist, sagçy-çepçi,... aý garaz hiçisi hem meniň ýolumda durup bilmedi.
Dünýäde käbir adamlaryň maňa garşy söweş açmagyna garamazdan bu diňe olaryň ýeňilişi bilen gutardy. Şu wagtlar hem bar meniň bilen söweş gurnaýanlar; bütin hökümet güýjini ulanýanlaram bar, käbirleri öz erklerini ulanyp meniň bilen başa-baş çykjak bolýanlaram tapdyrýar. Ähli dyrjaşmalarayň netijesinde üstünlik derejesi 5%, men bolsa 95% ara tapawut bilen elmydama öňdeligi eýelemegi dowam edýärin.
Dünýäde şu wagta çenli millionlarçalaryň bokurdaklaryny boga-boga, agzyndan, burnundan lagtalap gan getire-getire, ýyllar boýy gynap-gynap millionlarça ynsany öldürdim we öldürmegi dowam edýärin.
Özümi hiç saklajagam bolammok. Bütün magşuklarym meniň nähili derejede howply duşmandygymy bilýärlerem, emma menden birnäçe sagat aýra düşenlerinde, meňi şeýle söýgi bilen özlerine dartýarlarki, şeýle içginlik bilen çemeleşýärlerki, özlerini akylly, köpbilmiş hasaplap ýören bu ynsanlar meniň iň uly duşmanlarynyň biridigini bilselerem maňa hiç ýok diýip bilenoklar. Nähili geň, şeýle dälmi?
Ind-ä kimdigimi bilensiňiz. Meniň iň uly bäşlygym P.M.-dir. Entegem meni tanamadyk barmy?! Meniň birnäçe adym bar, käbir ýerlerde papiros diýselerde, köplenç çilim höküminde tanalýan.
ß Ekeloji Çevre Magazin – 98, Fazly Alperen
ß StateTM tarapyndan terjime edildi.
Halanan (3)
31, Iýul-2010ý (13:01)
|
Jogapla+1 Dostlar $u beladan nädip dynmaly? Ýa-da ölen adamy täzeden öldürmelimi?
То что мы сделаем вместе, отвечаем тоже вместе! (Пчел)
|
|
@BRIGADA@: " href="http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5749" target=_blank>Eger Siz edil shu wagt cilim cekmeginizi goysanyz Size name bolar?
We share a same web site, let's respect our differences...
|
|
Haha, ýuregi ejizler okamasyn diýse okaman ashak dushup kommentlary okajak boldum. Surat we sesberilshikdaki soragy okap kelläm chashdy. 2 sekuntjyk säginip ýylgyrdym
"gara diyyaniñ gazan dälmi, içinde ballar gaýnaýar" :D
|
|
ikimizin yolumyz bir chatyrykda kesishmandi, indi hem nesip bolsa kesishmez.sen nirden nira baryanyny gore-gore gelyan we ikimizin yolumyzyn sony herimizi bashga nokada eltyar.sen eglenmede gechiber,yolundan saklamayyn sana garashyandyrlar.
I AM MUSLIM,DON'T PANIK !!!
|
|
akgül:Höýt, akgül, ýüregi ejizlere okamagy maslahat BERÝÄN diýip ýazdym-a. Sebäbi ol killeriň ýürege-de zyýany köp bolmaly, şonuň üçin ejiz ýürekliler hem okasyn diýdim zyýanyny biler ýaly ![]()
We share a same web site, let's respect our differences...
|
|
Wiý, men o ýerini "maslahat BEREMOK" diyip okapdyryn
"gara diyyaniñ gazan dälmi, içinde ballar gaýnaýar" :D
|
|
Eger Siz edil shu wagt cilim cekmeginizi goysanyz Size name bolar
We share a same web site, let's respect our differences...
|
|
goyan chilimlerini yene yzyna alyp chekaymeseler ! Я думаю что это логично .
I AM MUSLIM,DON'T PANIK !!!
|
|
Agzyndan tussan isi gelyan oglanlary halamok.Kakamyn chekmeyanem bir gowy zat. Nesip bolsa durmusha chykjak yigidim hem chekmeyan bolarda. |
|
çilim diyyaler welin tüssan ysy gelen yaly bolya
hiç birinem özüm pikirlenip tapmadym,hemmesinem göçürdüm...
|
|
ey Roman yazyanmay, pikirlenip gor ozun kim okayandyr oytyan? |
|
mowzugy okap otyrkam ilki ajal diykekdir diyipdim,ondan son nebis diyersin oytdum.cilim cekyanlere cilimden kesel bolanlary gorkezmeli seytsen yurekleri sowar. Basgada bar alternative yollary.
Boş geçmede +1 berip geçay :)
|
|
arslanm:Täsir edenok
Ke$t edip älem jahany görmedim sen deý gözel.
|
|
Sam_jaded:Ey, huy, "ey" sozuni gitde ejene diy dushdunmi!
We share a same web site, let's respect our differences...
|
|
Gowuja yazylan. Thnx. +1.
Allahy söýüp yaşalan ömür iň manylysydyr.
|
|
Amerika diylenson dusundm menem gep nam baradalygny...
Lä hawle .
|
|
menem uruşyan her gün şu ganhor bilen..sagbolsun ramazan hem kömek etyar mana..
yalan dünya.... yalan dünya...!!!
|

Sahypany täzele
Jogapla+1


