MOBILE TESWIRLER: http://wap.teswirler.com/
Yslam dini hakynda eşitmän galma.! | Dini ynançlar | Teswirler

Yslam dini hakynda eşitmän galma.! (Dini ynançlar)

Yslam dini
 Yslam dini iň soňky pygamber – hezreti Muhammediň (s.a.w.) üsti bilen ähli adamzada Allah Tagalanyň iberen iň soňky we iň kämil dinidir. Yslamyň gelmegi bilen beýleki dinleriň hökmi tamamlanýar. Yslam dinini kabul eden kişä musulman diýilýär. Yslamyň Allahyň ýanynda iň ygtybarly hem iň soňky dindigini Kurany Kerim şeýle belleýär: «Bu gün siziň diniňizi siziň üçin kämillige ýetirdim. Size bolan nygmatymy tamamladym we size din hökmünde yslamy saýladym», (Maide, 3). «Kim yslamdan başga din gözlese, onuň saýlan dini kabul edilmez. Şeýle hem ol ahyretde uly zyýanda galanlardan bolar», (Ali Imran, 85). «Allahyň ýanynda ýeke-täk din Yslamdyr», (Ali Imran, 19). Aslynda ýokarda belleýşimiz ýaly, ähli pygamberleriň teblig eden dini – yslamdyr. Hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen yslam iň kämil mazmuna eýe bolýar. Yslam dini beýleki dinlerden tapawutlylykda diňe haýsydyr bir kowma däl-de, tutuş adamzada niýetlenen dindir. Şeýle hem beýleki dinler wagtyň geçmegi bilen ösüşde yza galsa-da, Yslam dini tä kyýamata çenli bolup geçjek ähli ösüşlere jogap berip biljek kämillikdedir.
 
Yslam dininiň aýratynlyklary
 
1. Yslam dini ähli adamzada inderilendir
 Yslam dininiň ähli adamzada inderilendigi baradaky hakykat Kurany Kerimiň aýatlaryna we hezreti Muhammediň (s.a.w.) sözlerine daýanýar. Kurany Kerimden getirilen ýokarky aýatlara goşmaça berlip, olarda bu hakykat şeýle beýan edilýär: «Aýt, eý ynsanlar! Şübhesiz, Men Ýeri-gögi ýaradan, özünden başga taňry bolmadyk, dirilik beren we öldüren Allahyň iberen pygamberidirin», (Araf,158). «Biz seni ähli adamzada buşlukçy we oýaryjy hökmünde iberdik», (Sebe, 28). Pygamberimiz bolsa öz hadyslarynda bu hakykat barada şeýle diýýär: «Menden öňki iberilen her pygamber diňe öz kowmuna iberilendir, emma men ähli adamzadyň pygamberidirin», (Buhary). Hijretiň altynjy ýylynda Pygamberimiziň yslama çagyrmak maksady bilen Müsür, Hebeşistan, Eýran, Wizantiýa hökümdarlaryna we töweregindäki beýleki taýpalara iberen hatlarynda «Men ähli adamzada iberilen pygamberdirin» diýmegi yslam dininiň ähli adamzada iberilen dindiginiň aýdyň subutnamasydyr.
 
 2. Yslam ýeňillik dinidir
 Yslamda amal edilip bilinmejek kyn borçlar ynsana emr edilmändir. Kurany Kerimde: «Allah size ýeňillik islär. Sizi kyn ýagdaýa salmak islemez», (Bakara, 185). «Dinde zorluk ýokdur. Dogry ýol egriden, hak batyldan doly aýyl-saýyl edilendir», (Bakara, 256), diýilýär. Pygamberimiz hem bu barada şeýle aýdypdyr: «Men älemlere rahmet edilip iberildim, azap, zorluk üçin iberilmedim.» «Ýeňilleşdiriň, kynlaşdyrmaň. Begendiriň, ýigrendirmäň», (Buhary). Pygamberimiz dürli wesileler bilen sahabalaryna we ymmatyna yslamyň ýeňillik getirýän dindigini ündäpdir. Ony kynlaşdyrýanlara we tutuş günüň dowamynda ybadat edip, dünýä bilen gatnaşygyny kesenlere duýduryş edipdir. Bir gün hezreti Aişe bir aýal bilen otyrka, Resuly Ekrem Serwerimiz içerik girýär. Ol aýalyň kimdigini soraýar. Hezreti Aişe aýaly tanadandan soň, onuň uzak wagtlap namaz okaýandygyny aýdýar. Muny eşiden Pygamberimiz: «Bu häsiýetiňizi goýuň. Güýjüňiziň ýetjegini amal ediň. Allaha kasam bolsun, siz irseňiz hem Allah irmez. Allahyň iň gowy görýän ybadaty, az hem bolsa, dowamly, yzygyderli berjaý edilenidir» diýipdir, (Buhary). Adamlaryň jemgyýetde tutýan ornuna garamazdan, sowatsyzyndan alymyna, işçisinden hojaýynyna, gullukçysyndan ýolbaşçysyna çenli, her kes yslamyň ähli emrlerini doly berjaý edip biler. Farzlary amal eden, uly günälerden daş duran her kes halas bolar.
 
 3. Yslam dini akyla laýykdyr
 Ynsany beýleki barlyklardan tapawutlandyrýan iň esasy aýratynlygy – akyldyr. Ynsan akylyň üsti bilen ýagşyny ýamandan, dogryny egriden saýlap bilýär. Kurany Kerim hem ýetmişden gowrak aýatda akyl we akyl eýesi barada söz açýar. Dinimizde mükellef üçin iň esasy şert hem akylyň bolmagydyr. Akyly bolmadygyň dini hem ýokdur. Akyl ylymyň esasy çeşmesidir. Yslamyň hökümleriniň her biri akyla we logika laýykdyr. Ylym bilen çapraz ýeri hem ýokdur.
 
4. Yslam dini deň hukuklylyk we erkinlik dinidir
 Yslam dini jemgyýetdäki synplary, gatlaklary, deňsizlikleri, adalatsyzlyklary ýatyryp, ynsanyň ýaradylyş taýyndan deň hukukly we erkindigini jar edýän dindir. Yslamda baý-garyp, ak-gara, güýçli-ejiz, arap-ajam, aýal-erkek diýlip, olaryň biri beýlekisinden ýokarda tutulýan däldir. Yslama görä, esasy artykmaçlyk diňe takwalykdadyr, ýagny, imanyň derejesine we Allaha bolan muhabbetine we takwalygyna görädir. Yslamda deň hukuklylyk hak-hukugyň we adalatyň üstünde gurlandyr. Herki ynsan haýsy wezipede, haýsy işde bolsa bolsun, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hukugyň öňünde deň jogapkärdir. Mysal üçin, Pygamberimiziň huzuryna ogurlykda tutulan Fatyma atly baý ýewreý aýaly getirýärler. Onuň bagyşlanmagy üçin sahabalardan Usame b. Zeýd araçy bolýar. Pygamberimiz şu mazmunda jogap beripdir: «Eger ogurlyk eden gyzym Fatyma bolan bolsa-da eliniň çapylmagyny emr ederdim. Sizden öňki ymmatlar baýy garypdan, güýçlini garamaýakdan tapawutly tutandygy, baýa, güýçlä gol ýapany üçin ýok bolup gitdi», (Buhary, Müslim). Şular ýaly mysallar yslamyň taryhynda sanardan köpdür. Yslam dini ylym öwrenmegi, ryzk üçin işläp gazanmagy ybadat saýypdyr. Pygamberimiz ylym öwrenmegiň aýal-erkege – her bir musulmana farzdygyny belläpdir, (Ibni Maje).
 
 5. Yslam dini dünýä we ahyret dinidir
Yslam dini dünýä bilen ahyrete deň baha berýär. Birini beýlekiden üstün tutmaýar. Sebäbi bularyň ikisi-de biri-biriniň üstüni dolýandyr. Maddy ösüşi ündeýşi ýaly, ruhy ösüşe hem deň ähmiýet berýär. Mysal üçin, maddy arassaçylygy imanyň ýarysy saýyp, ybadatlaryň esasyna goşýarka, ruhy tämizlik bolan toba we istigfary-da imanyň goraýjysy hökmünde kabul edipdir. Allah Tagala Kurany Keriminde dünýäniň we ahyretiň deň agramlydygyny şeýle beýan edýär: «Allahyň saňa yhsan eden nygmatlary bilen ebedi ahyret ýurduny gazanjak bol. Dünýäden hem nesibäňi unutma. Allahyň saňa yhsan edişi ýaly, sen hem ynsanlara ýagşylyk et. Ýer ýüzünde bozgaklyk, agzalalyk döretme. Çünki Allah pitneçileri söýmez», (Kasas, 77). Şeýle hem, yslam dini halal çäklerde ýaşamak şerti bilen ynsany hiç bir keýpi-sapadan mahrum etmeýär. Onuň halal lezzetlerden çetde galmagyny halamaýar.

Ses berilşik ýok.
Paýlaş!

Halanan (5)
Jemi 11 sany teswir.
Okalan sany: 325

Yslam dini kämil din. Owadan din. Ýöne kem akyllar muny elhenç edip görkezýärde. Ýanyna özi ýaly kem akyllary ýygnap, hasam gorkunç görkezýäler. Solar ýaly dinçilerden dasda duruñ. Asha dinçi bolmañ. smile. Esasy zat, hudaýa ynanjyñyz ýitmesin.

♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥♥

La ilaha illal la muhammedine resulallah

Gelejege ynanyan yone sabyrym takat tapanok.

hmmm . . .

sagbolun

Küçüktü önemsemedim,büýüdü halledemedim.

Akpamyk:
Yslam dini kämil din. Owadan din. Ýöne kem akyllar muny elhenç edip görkezýärde. Ýanyna özi ýaly kem akyllary ýygnap, hasam gorkunç görkezýäler. Solar ýaly dinçilerden dasda duruñ. Asha dinçi bolmañ. smile. Esasy zat, hudaýa ynanjyñyz ýitmesin.

Tüweleme! Deist jora, käte-käte sheýleräk ýazgylaram ýazaweri. Menä begendirdiñ. Tüweleme! Käwagt goldaweri sheýdip.
I don't give a damn whether you like me or not. I am SAWYER (James Ford & La Fleur) from LOST!!!


yslam dinimi? Size gowy karikatura.. inlisçedir yöne =)
 
Şeyle yazyar.. gara eşiklilerde: "Radikal Yslam, Amerika Ölüm! Izraele Ölüm, Günbatara Ölüm.." Sonky ak eşikli bolsa "Yatda Sakla Yslam Parahatçylyk dinidir"  Hawa belli bolyar.. parahatçylyklydygy.. =)

     Beee Amrekia olum diyip ylgap yorler welin USA da mena gormedim bulary. Yone USAnynkylar welin olaryn yurdunda Yrakda Owganda olaryn yurtlaryny kul edip yorler. Adamlar gyrylyar. Chagalar olyar. Senin dushunjane gora olyan chaganyn ayalyn ynanjy esasmy? Ynancsyz caga bilen ynanyanyn arasynda tapawut barmy sana gora? Dunya seret kim kimi olduryar, oldurtyar? Gozlerini ach. Senin ynanyp ynanmazlygyn mana bir kopuk. Esas sen adalatyn yanyna git kim hakly kim haksyz? 

Elhamdilülla! Elhamdilülla! Elhamdilülla!

Dostum, Allah razy bolsun!

mashallah!

Alemlerin Rabbi bolan Allah tagala hamdy senalar bolsun!


Teswir ýazmak üçin içeri giriň