Dynç güni, düýbüni ýumşadan baglarymyň astyna suw içer ýaly aýmança ýasap durşuma ýene kakam ýadyma düşdi.

Inžener-gurluşykçydy. Kärine ökde bolandygy sebäpli, obadaşlar köplenç ondan jaý ýerini ölçäp, jaýyň binýadynyň tekizlik derejesini hasaplap bermegi haýyş edip gelerdiler. Olam kim gelse tapawudy ýok, hiç haçan geregini artdyryp, özüne özelendirip durmazdy. Nätanyş oglanjyklaryň biri: “Men pylanynyň ogly, kakam jaýymyzyň ýerini ölçäp bersin-le diýip ugratdy” diýip gapymyzdan garasa-da, apalap saklaýan ölçeýji abzallaryny goltugyna gysardy-da, “ýör, oglum” diýip menem yzyna düşürip gidibererdi. Baranymyzdan soňam kakam meni dek duruzmazdy. Öý eýeleridir kakama ýüp çekişerdim, gazyk kakanlarynda saklaşardym, kiriş dartyşardym, ölçeýji enjamlaryny diýen ýerinde saklap, üýtgetmeli ýerine süýşürerdim. Bir gezegem öýümizden üç-dört köçe daşrakdaky obadaşymyzyň şonuň ýaly ýumşuny bitirip gaýdyp gelýärkäk, men artygrak ýadanymdanmy nämemi, özümiň öte eý görülýändigimden peýdalanyp, kakamdan biraz nägileräk soradym:

-Kaka, kim çagyrsa baryp, işlerini edip ýörüs welin, olaryň ikimize berýän zadam-a ýok...

Kakam meniň halyma aňryýany düşünmeklik bilen ýylgyrdy-da, başymy sypady:

-Oglum,-diýdi:-bilip goýgun, adamçylygyň özeni hemaýata taýynlykdadyr. Adam ilkinji nobatda biri-birini goldaýany, hemaýat bermäge taýýarlygy bilen adamdyr.

Soňam badyny üýtgetmän arkaýyn gadam urup barşyna sähel dymdy-da, üstüne goşdy:

-Ejem gürrüň beripdi, ol uruş ýyllary, sowuk güýzüň ahyrragynda gumdan ýygan odunyny gerşine ýükläp alyp gelýärkä, obadan esli daşlykda duýdansyz çabga guýup başlapdyr. Eneň pahyr: “Ýalazy meýdanda duwlanara ot-çöpem ýok, dadyňa ýetere adamam, buýsaň buýup oturybermeli” diýerdi. Ine şonda şu ýaňky obadaşyň eşeklije garry atasy, asmandan inen perişde ýaly bolup bir ýerden duýdansyz çykypdyr-da, eneň odunyna-ha eşegine ýükläpdir, özüne-de eşege bökderilgi horjunyndan galyň keçe ýapynjany çykaryp beripdir. “Özem,” diýerdi ejem görgüli: “tä öýümize ýetýänçäg-ä ýetýänçäk, gelenimizden soňam ol bende kelam agyz gep gatmady. Diňe gädigimizde odunymy düşürende, mährewsiz sowuk jaladan halas eden ýapynjasyny uzadyp, “Pylan aga, Alladan gaýtsyn, taňryýalkasyn!” diýenimde, bir: “hümm...” etdi-de, ötägitdi”. Ine şeýle, oglum... A sen bolsa: “berilýän zat ýok” diýýäň...

...Ondan bäri kyrk ýyl ötdi. Ýöne şol ýyllaryň içinde kim näme diýip özüme ýüz tutsa, hernäçe ýadawam bolsam, käteler juda ýaltansam-da, göwnümde kakam agras talapkärlik bilen: “Oglum, bilip goýgun, adam ilkinji nobatda biri-birini goldaýany, hemaýat bermäge taýýarlygy bilen adamdyr...” diýip pyşyrdap goýberýär welin, bada-bat edil goltugymdan gop berlen dek, dikelenimi, çuslananymy duýman galýaryn. Ýadawlygam zym-zyýat bolýar, ýaltalygam.

 

© S.Ataýew. Hukukçynyň gündeligindäki ýazgylar. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.