Düýn agşamara öýe ojuk-bujuk almak üçin adatdakylar ýaly bazara bardym. Aýlandym. Gerek harytlarymy kemsiz aldym. Öýe gelemde bir görsem, kartoşkaň ýarysy zaýa ekeni. Bazardaky satyjy mekirlik edip, maňa zaýa kartoşka bermegi başaranyna megerem heşelle kakandyr. Dogry, bu gezek zaýa kartoşkalary goşup satmagy başardy.

Emma, dünýede hasapsyz zat ýok. Ol aslynda meni däl-de, öz-özüni aldady. Öz ynsabyny bogdy. “Ynsaby ýoldaşy bolsun; ynsabyndan tapsyn” diýip, men-ä durmuşyma dowam etdim.

Adamlar hil-hil bolýar. Süri agsaksyz bolmaýar. Gynansagam, edil şol çüýrük kartoşkalar ýaly adamlaryň arasynda-da, ynsabyny ýitiren, nebsine, özüne buýurmakdan asgyn gelýänler bar. Bu hemişe-de şeýle. Ynsabam her kimiň özüne gerek.

 

GOŇŞYÇYLYK

Iki gün bäri, bir goňşymyň tanşy gelýär. Içegen adam. Içse-de goh-galmagal edip, ähli goňşylary bimaza edýär. Goňşyma baryp duýdursamam, haýyr etmedi. Kyn ýagdaý. Şeýdip adam öz gadryny gaçyrýar. Gelen tanşy näçe içse-de içsin, emma daş-töweregindäkilere, beýleki adamlara zyýan bermesin. Ýary gije goh edip otyrsa, hiç kime-de ýakmaz.

Menden soň beýleki goňşylaram baryp ýagdaýy aýdypdyr. Goňşym, şunça jan etsemem şol içegen tanşyma düşündirip bilmedim diýipdir. Onuňam çykalgasy bar: ýa indiki gezek saçakda arak goýmaly däl ýa-da şol tanşyna öýde däl-de garbanyşhanada hezzet edäýmeli. Köp gatly binada ýaşaýan bolsaň, goňşylaryň hakda pikir etmeli. Goňşyçylyk hemmä gerek.

 

GAPYMA GELEN (GUÝRUKSYZ) PIŞIJEK

Ýadaw, aç, başagaý bolup düýn agşamara öýe girip barýarkam, bir görsem girelgede bir pişijek myýawlap, gelenden haraý sorap otyr. Guýrugam ýok ekeni. Nebsim agyrdy. Öýe almasamam, suw we iýmit berdim. Janawer hezil etdi. Soň yzyma düşüp, gapymyň bosagasynda köp wagt myýawlap otyrdy. Gije ahyry gapymyň açylmajagny bilip gidipdir. Irden görsem ýok ekeni.

Kiçiligimden bäri pişikleri halaýan. Emma öý şertlerinde olary saklamak aňsadam däl. Meniň pikirimçe, eldekileşdirlen bolsa-da, pişikler dört diwaryň arasynda ýaşamaly jandar däl. Tebigatda, açyk meýdanda ýaşasa pişik üçin has rahat, has gowy bolar. Öýe almazlygymyň düýp sebäpleriniň biri hem, janaweri dört diwar arasyna gabamazlyk. Açyk meýdanda ýaşasalar pişikler öz tebigy ukyplaryny doly kemala getirýärler. (Öý şertlerinde bu juda kyn.) Galyberse-de, özi ýaly pişiklere sataşmagyna-da şert döreder.

Sag-salamat galyň.

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.