Atamyrat ATABAÝEW
Säher bilen oýan-da sen,
Seret, dünýä durmy aman?
Penjiräniň aýnasyndan
Görünýärmi çuw-ak duman?
Bu güýzüň soňky günleri
Ne sowuk, ne yssy. Salkyn.
Synla , säher bilen işe
Howlugyp barşyny halkyň.
Ir oýanan serçeleriň
Jürküldäp ýörşün şahada.
Agşam gije çen işläniň —
Tur, oýan, etme bahana.
Ýatmasaň-da gije dörde
Çenli okap, setir ýazyp,
Ak ganatly perişdeleň
Gelýän wagty, galma ýatyp.
Çyrşan kagyzlarňy dör-de,
Täze dörän goşgyňy gör.
Eýwana çyk-da, ir bilen
Dünýäni gör, goňşyňy gör.
Gün çoguna ak dumanyň
Synla, kem-kem eräp barşyn.
Ertekiden çykan ýaly
Güýz gyzynyň ýöräp barşyn.
Başyň galdyr, gör, ýagtysy
Düşýär öýe dogan Günüň.
Noýabryň on altysy —
Bu gün seniň doglan günüň.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.