Anna PAÝTYK

Ynha, indi men size Nury Baýramow barada gürrüň bermeli. Ýöne şahyr Nury Baýramow barada gürrüň bermelimi ýa-da adamkärçilikli, göwnaçyk goňşym Nury Baýram barada? Ikisi barada-da diýýärmisiňiz? Dogry, siz mamla. Sebäbi adamkärçilik bilen şahyrçylyk aýrylmaz zat. Özüm-ä adamkärçiligi bolmadykdan hiç haçan gowy şahyr çykar öýdemok. Ylaýta-da, çagalar şahyry bolmak üçin, ilki bilen, onuň öz göwni açyk bolaýmaly. «Göwnaçygyň ýoly açyk» diýipdirler. Nury Baýramowyň göwni ýaly ýoly-da açykdy...

Nury Baýramow uruş döwrüniň oglany. Olam edil biz ýaly uruş zerarly oglanlygyny ogurladanlaryň biridi. Ol 1933-nji ýylyň ýanwar aýynyň iň soňky güni dünýä inýär. Garry enesi oňa ýagyşly gün doglany üçin Nurgeldi diýip at goýýar. Emma Nuryny durmuş eljiretmeýär. Onuň kolhozyň agyr ýüküni gerdeninde göterip ýören kakasyna Baýram pälwan diýer ekenler. Obada-ha däl, Mary etrabynda-da, onuň bilen bil tutuşyp, dyzyny ýere degrip bilýän seýrek tapylar ekeni. Ine-de, uruş başlanýar. Baýram pälwan eşiden dessine elindäki pilini ýabyň raýyşyna dikýär-de, göni harby komissariatyň gapysynda gögerýär. Onuň talaby belli. Özi ýaly daýanykly pälwanlaryň ýeri diňe söweşde bolmaly. Şeýdibem, ol uruş başlanan gününiň ertesi şaýyny tutýar, üçünji günem sekiz ýaşly ogly Nurgeldiniň, heniz dördüni-de doldurmadyk Meretgeldijigiň, bir ýaşly gyzy Ogulsaparyň, hersiniň ýaňajygyndan taýly gezek öpýär-de, niredesiň front diýip ugraberýär. Baýram pälwan fronta baryp, öz pälwanlygyny görkezmäge ýetişdimi, ýok, belli däl. Ýöne öz çagalaryna suratyny aldyryp ibermäge-de ýetişmänkä, Smolenskiniň golaýynda batyrlarça gurban boldy habary gelýär. Şeýdip üç sany çülpeje çaganyň garamaty ejesi Ogulnabadyň başyna galyberýär. Alaç näme, Nury mejbury ulalmaly bolýar. Ähli oýunlary hojalyga kömek bermäge çalyşýar. Ilki-ilkiler eli bedreli ýabyň boýuna gidip, una garyp iýer ýaly selmedir kertikli ýygardy. Soň heniz on ýaşynam dolmanka, adyna zähmet güni ýazdyryp, kolhoz işine gatnamaga başlady. Çopana çoluk boldy, ýaba münüp döwek döwdi. Gazy gazdy, gowaça otady, orak ordy, hoşa çöpledi. Bu zatlar soňra öz belleýşi ýaly, onuň üçin durmuş mekdebi boldy. Heniz mekdebe barmanka okamagy öwrenen Nuryny açlyk-horluk-da, kynçylyk-da okuwdan sowaşdyryp bilmedi. Ol ulaldy, okuwa, ylaýta-da, çeper edebiýata höwesi artdy. Ýeke Nury däl, ejesi görgüliniň dynuwsyz alada, yhlasy Baýram pälwanyň çagalarynyň üçüsiniňem okuwly, bilimli, il derdine ýaraýan adamlar bolup ýetişmegine getirdi. Ogulsapar uzak ýyllar Wekilbazar etrabynyň şol döwürde Lenin adyndaky kolhozynda başlygyň medeni işler baradaky orunbasary bolup işledi.

Nury döretdi, yzyny üzmän döretdi. Ondan bir gezek soradylar: «Nury aga, siziň eý görýän temaňyz näme?». Nury säginmän jogap berdi: «Sähra».

Gürrüňimiň başynda Nurynyň oglanlykda çolukçylyk edendigini ýatlapdym. Ana, şonda hem ony ilkinji gezek Garagumuň täsin tebigaty jadylapdy. San-sajaksyz açylan gyzyl-läle güller... Heniz görülmedik guşlar, olaryň yzy üzülmeýän nagmalary... Bir-birinden enaýy täsin keýik owlajyklar, towşan çebşejikler, olaryň oýunlary... Mahmal ýapynan ýaşyl meýdan, oňa Gün tylla nuruny seçende asmanda döreýän älemgoşar... Haýsy birini aýtjak. Nury bulara seredip doýup bilenok. Synladygyça synlasy gelýär, diňledigiçe ýene diňläsi gelýär. Ol gyzyl güläleklerdir çigildemleriň, al-ýaşyl jümjümelerdir çopantelpekleriň, keýigokaralardyr kömelekleriň berýän lezzetini hiç zat bilen çalşyryp biljek däldi. Sähraň haýwanlarynyň, mör-möjekleriniň yzlaryny diýsene. Ýok, olar yz däl. Nury olary sähraň nagyşlary hasaplaýar. Onuň üçin sährada kiçijik zat ýok.

Bir kiçijik damja düşdi,
Düşdi çägäň göwsüne.
Çägäň ony sorup-sorup,
Begenşini görsene.

Ýa-da:

— Näme beýle ýanýaň? — diýip,
Sorag berdim gyzgyn çöle.
Çöl diýdi: — Nädip ýanmaýyn
Dogan boldum men Gün bile.

Sähra göräýmäge jansyz, dymyp ýatan boşluk. Ýöne muňa Nury Baýramowyň gözi bilen garanyňda, onuň: «Her gülde bir bahar bar» diýmegine düşünmek kyn däl. Onuň üçin döşüni çägä sürpäp giden pyşdylyň yzy-da, ýalmanyň hini-de manyly. Ol sähranyň ösümlikleriniň ýa jandarlarynyň suratyny çekeni bilen kanagatlananok. Ýogsam söz bilen surat çekmäge diýseň ezber. Ol bulara öz garaýşyny siňdirýär, heniz saňa mälim bolmadyk çeper many çykarýar.

Her ýazyjy döredijilik işine özüçe başlaýar. Ýüregi haýsy zady «ýaz» diýip gyssap goýmasa, şony ýazýar. N.Baýramow ýazmaga nämeden başlandyr öýdýärsiňiz? Men onuň köp okaýandygyny ozal aýdypdym. Ol eýýäm sekizinji synpda okaýarka «Göroglyny», «Aýgytly ädimi», «Watan ogly», «Göterilen tarp», «Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň başdan geçirenleri» ýaly kitaplary okapdy. Ata Gowşudowyň ozalky «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilen «Bahar-Hoşgeldi» romanyny okaýar, ylaýta-da, onuň edebi kitaplara işdäsi has-da açylýar. Ine, bir günem ol «Mydam taýýar» gazetinden bir tapmaça-rebusy çözýär-de, jogabyny redaksiýa iberýär. Uzak mahal geçmänkä-de, şol gazetde öz adyny görýär. «Rebusy dogry çözüp iberenler» diýip, bir topar atlar, familiýalar sanalýar-da, «Nury Baýramow, Wekilbazardan» diýen jümle bilen gutarýar. Ol bu jümläni okanda, öz gözlerine ynanman doňup galýar. «Bä, ýazsaň çykaryljak eken-äýt». Ana, şondan soň onuň ýazmaga eli gijäp ugraýar. Gursagynda bir zat ozal «dük-dük-dük» urýan bolsa, indi şol ses «ýaz-ýaz-ýaz» diýýän ýaly eşidilýär. Ol ýazyp başlaýar. Her gün irden onlarça syrly bukja poçta ýaşşigine atylýar. Olaryň içinde nämeler ýok, näme hakda ýazylmaýar. Ekiz guzlan goýundyr, gögeren gowaçalar, garaz, bir gijede dörän goşgulardyr poemalar-da, hut öňki agşam enesinden eşidilen ertekiniň gaýtalamasy-da bardy. Käte ýazyp iberen zadynyň goşgudygyny ýa habardygyny özüniň-de seljerip bilmändigini soň-soňlar özi gülüp gürrüň berýär. Obalaryndaky Çilburç galasyny azyndan ýüz gezeg-ä ýazyp iberendir. Ahyry Gylyç Hezret diýen obadaşy: «Sen, han ogul, şol «Çilburçy» gününe goýmajak bolsaň, ony Aşgabada göçürip äkidäýseň nädýä» diýeninden soň bes edýär.

Nury Baýramow nähili ýazýar, haçan, näwagt ýazýar? Bu hemişe berilýän gyzykly sowal. Sebäbi döredijilik bilen meşgullanýan adamlar öz gylyk-häsiýeti bilen bir-birinden tapawutly. Olaryň her biriniň işleýiş täri-de başga-başga. Meselem, biri gije il ýatyp, it uklansoň, öňüne bir çäýnek ajy gök çaý alyp işleýär. Başga biri säher bilen turup, tä öýläne çenli ýerinden galman işlemegi halaýar. Üçünji biri bolsa belli wagty ýok, islän wagty turup ýazýar. Nury Baýramowyň sözüni diňläliň: «Men goşgy ýa kyssa ýazanymda, ýer saýlamak diýen zady bilemok. Goşgyny ýatan ýerimde-de, stoluň başynda-da, radio-telewizor aýdyp durka-da, çagalarym gülşüp-oýnaşyp otyrka-da ýazyp bildim. Sähra gitsem, şol ýerde çägä ýaplanybam, baga barsam, bagyň saýasynda oturyp, pikirlerimi beýan etdim».

Ol hemişe, hemme ýerde ýazýar. Käte galamdaş dostlarynyň: «Nury ýatanda düýşünde-de goşgy ýazýar» diýip degişmeleri-de şonuň üçin. Özi hem ol şeýle ýeňil, emgenmän ýazýar, göräýmäge, harsal bolaýjak ýaly. Ýok, ol nirede, nähili ýazsa-da, elmydam okyja düşnükli ýazýar. Gyzykly ýazýar. Kämahallar bir sebäp bilen daňdan turup daş çykarsyň. Ähli adam süýji ukudadyr. Bütin şäher ýatandyr, dym-dyrslykdyr. Hatda guş-gumursgalar, it-pişiklerem ukudadyr. Emma Nury Baýramowyň çaklaňja howlusynyň töründe öz eli bilen salan ýekeje otagly, giň penjireli iş otagynda lowurdap äpet çyra ýanyp durandyr. Şol çyranyň astynda hem köneje içmegini egnine atyp, Nury büküşip oturandyr. Käte-de ol ýerden onuň dyňzap gelen duýgularynyň heňini çalýan ýaly, maşynkasynyň birsydyrgyn şyrkyldysy eşidilip durandyr.

N.Baýramowyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde barmadyk etraby, şäheri ýok. Hatda barmadyk obasy-da ýek-tükdür. Ol çagalar ýazyjylarynyň her ýyl geçirilýän Bütinsoýuz maslahatlaryna köp gatnaşdy. Sebit döwletleriniň ählisinde diýen ýaly boldy. Daşary ýurtlaryň telimsine sapar etdi. Ýöne ol jöwzaly Günümiziň astynda, öwrenişen topragynyň üstünde ýaşamagy, işlemegi eý görýär.

Nury her gün işleýär. Bir wagtyň özünde bir topar zat hakda-da ýazyp bilýär. Nurynyň iş stolunyň üsti her dürli depderlerden doludyr. Olaryň içinde, gör, näçe oý-pikirler, gyzykly wakalar bar. Birden ýazyp oturan zadyny beýläk goýar-da, heniz ýazyp başlamadyk haýsydyr bir eseri barada kellesine gelen pikiri, derrew şol depderlere göçürer. Bularyň daşyndanam buýrulan ýumşa çulumdyr. Men muňa özümiň gazetde, radio-telewideniýede, kinostudiýada işlän döwürlerimde has-da belet boldum. Gazet üçin ýa-da telewideniýe üçin käte gaty gyssagly material gerek bolýar. Isle ýanynda oturyp bile ýaz, isle haçan gerekdigini aýdyp gaýt, ol işiň bitmejek gümany bolmaz. Baýram Welmyradow uzak ýyllar «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaktory bolanda gazet işinde ähli zatdan beter işjeňlige üns bererdi, «Gazetiňem, gazetçiniňem ýüzi wakalara anyk çemeleşip, okyja çalt ýetirişinde görünmeli» diýerdi. Şu meselede, ilki bilen, Nury Baýramowy agzardy: «Nuryny tapyň, Nuryny, muny diňe şol oňarar» diýerdi.

Nury Baýramow kimler hakda ýazsa gowy görýär? Elbetde, siz: «Ol çagalar hakda ýazýar, kitaplarynyň gahrymanlary hem, köplenç, çagalar» diýip jogap berersiňiz. Dogry, ol çagalar hakda ýazýar, çagalar şahyry. Ýöne onuň özi welin gös-göni beýle kesgitlemeýär: «Meniň özüm hiç haçan özümi çagalar şahyry hasap etmedim. Çagalar üçin ýazýan zatlarymy ulular üçin ýazýan eserlerimiň daşyndan «güýmenje» hökmünde ýazdym. Emma şol goşgularym uzyn gijeler ýatman, dik oturyp ýazan goşgularymyň üstünden ätläp, okyjylar köpçüliginiň ykrar etmegini gazandylar». Nury Baýramowa çagalar üçin döreden eserleri üçin Türkmenistanyň Lenin komsomoly we Magtymguly adyndaky döwlet baýraklarynyň berilmegi-de ýokarda aýdylanlary tassyklaýar.

* * *

Nury işewür adam. Ýok, ýöne işewür diýseň bärden gaýdýar. Ol ýadamazak, ýaltanmazak adam. Ol isle gazeti ýa žurnaly redaktirlesin, isle-de «Magaryf» neşirýatynda bölüm müdiri, baş redaktor bolsun, tapawudy ýok, ýekeje günem döretmesini goýmady. Çagalary biri-birinden gyzykly täze kitaplar bilen begendirdi. Döwrebap, ýiti sýužetli, göwrümli eserleri peşgeş etdi, halkdan alkyş aldy.

— Nury aga, siz haýsy eserleriňizi iň şowly çykan diýip hasap edýärsiňiz?

Bu sowaly Aşgabadyň kitaphanalarynyň birinde bolan duşuşykda bir gyzjagaz hata ýazyp iberipdir. Geň galaýmaly, şahyr şonda goşgular kitaplarynyň birinem agzamady, ýogsa olar ýigrimi dagy-ha bardyr. Romanynyň, powestleriniňem adyny tutmady. «Men ilkinji şowly eserim diýip 1956-njy ýylda «Mydam taýýar» gazetinde çykan «Çeşmejik», «Şemal bilen söhbet», «Guşuň hüwdüsi», «Arça», «Derýanyň jogaby», «Sil kimden gorkýar?» diýen goşgularymy hasap edýärin». Geň jogap. Näme üçin beýle diýýärkä? Sebäbi şahyr ol goşgularda ilkinji gezek öz ýüregindäki duýgularyny, hyjuwlaryny daşyna çykarýar. Hawa, ilkinji gezek kagyza geçirýär, ilkinji gezek ile eşitdirýär. Her bir ussa adama-da ilkinji ýasan zady ezizdir. Pil ýasaýan ussa ilkinji ýasan pilini öz senediniň gözbaşy hökmünde eý görüp, öz öýünde saklaýar. Nurynyň şol goşgularynda iş bitirip, soňra oýnamagy niýet edýän çeşmejik — onuň özi. Uly umyt-arzuw bilen çagasyny hüwdüleýän guş — onuň özi. Belent dagyň gaýasyndan syzyp çykýan, aşaklygyna zymdyrylyp akyp gaýdýan, soňra suwsuz tebsiräp ýatan meýdanlary lälezar edýän derýa-da — onuň özi, olaryň bary — Nury. Dogry, ol diňe ilkinji goşgularyny gowy görenok, soňkularynda-da ýüregi bar. Gör, näçe goşgular kitaplaryny ýazdy. Powestler, romanlar ýazdy. Olaryň hem esasy gahrymanlary — özi. Muny ol «Sähra ýollary» romany hakda şeýle tassyklaýar: «Buldozerçi Berdi — özüm, lüýksorujyny işledýän Saşa — men, apy-tupanda çagalaryny ýitirip, ýalňyz galan çopan — men...».

Biri başga bir adam hakynda haýsydyr bir pikir ýöretmekçi bolanda, adatça, oňa «Näme ýolda ýoldaş bolduňmy?» diýilýär. Men bu sowala jogap bereýin: «Hawa, ýoldaş boldum. Kän gezek iş saparyna bile gitdim. Onda-da dürli möhletlerde ýakyn-uzaklara ýoldaş boldum. Olaryň hersi ýatdan çykmajak ajaýyp ýatlama. Täsin başdangeçirme. Kärdeş ýoldaşlarymyz Nury Baýramowyň şol iş saparlaryndan gaýdyp gelip, uzyn gijeläp gyzylgyran gülüşdirip berýän şowhunly gürrüňlerinden hekaýalar döretdiler, degişmeler ýöretdiler. Ol her bir epizody aýtmazdan ozal, özi güle-güle gözüni ýaşardýardy. Süýjüdip-süýjüdip sözleýärdi. Özem tä dana ýaşulularyň biri: «Nury, bu adamlary güldürip ýykmajak bolsaň, bes et, inim» diýýänçä dowam edýärdi. Ýok, ol ýeke maňa — öz goňşusyna däl, hemmä-de öýkünmäge ussat. Belli ýazyjymyz Berdinazar Hudaýnazarow bilen Kerkide, Gyzylaýakda başdan geçirenlerini aýdanda, iň agras, aňsat-aňsat gülmezek halypamyzyň özem uly göwresini çaýkap, «loh-loh» edip gülenini duýanok. Öýkünjeňligem bir talant. Sebäp ol öýkünilýäniň özünde-de gülki döredýär. Gülki bolsa tapylgysyz zat.

Nury Baýramowyň dostlary kimler? Ata-babalarymyzyň nakyly bar: «Ýigidi dostundan tana». Men onuň öz deň-duşlary barada aýdamok. Sebäbi ol bile işleşip, tirkeşip ýörenleriniň ýek-ýarymy bolaýmasa, ählisi bilen dost. Ählisi bilen saçakly gatnaşmasa-da, salamly gatnaşykda boldy.

Berdi Kerbabaýew bir gezek Saragta möhüm duşuşyga çagyrylýar. Ýany bilen ýaş şahyrlardan birini äkidäýse kem bolmajagyny oňa aýdýarlar. Berdi aga heniz Nurynyň adyny bilmeýänem bolsa, onuň keltejikdigini aňlatmak üçin elini dyzynyň deňine uzadyp, «Ýanyma şony goşuň» diýýär. Goja ýazyjy soň-soňlaram nirä gitse, Nuryny ýanyndan goýmaýar. Näçe gezekler iki bolup, serhetçileriň arasyna baryp goşgy okaýarlar. Berdi Soltannyýazowdyr Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Bekge Pürliýew, Ruhy Alyýew dagy bilenem ol ýegre dost ýaly gatnaşyk saklaýardy. Durdy Haldurdyny bolsa halypasy hasaplaýar. Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow onuň öýüniň ýygydan myhmanydy.

Üç doganlar — Baýram aga, Arap, Täşli Gurbanowlaryň maşgalasy bilen Nury Baýramowyň gatnaşygy ýitidi, ysnyşyklydy. Baýram aga onuň halypasy, iş öwreden redaktory Arap onuň işdeş ýoldaşydy. Täşli ýegre dostudy. Men ol wagtlar Arap bilen radioda edebi-drama gepleşikleri alyp barýardym. Haýsydyr bir materialy ertir ýaýlyma bermek üçin taýýarlap otyrkak, eli bir petde kagyzly Nury geldi. Arap göýä ýyldyz gören ýaly syçrap turdy:

— Hä, gel, Nury jan, näme getirdiň? Hany, al eliňdäkini bärik, özüňem ertir diňläý.

Ol Nurynyň uzadan 15 kagyzlyk oçerkini göni ikä böldi-de, soňuny özüne gaýtardy. Soňky ýarpysyny hem maňa uzatdy.

— Bar, Oraz Döwlete aýt, ertirki programma goşsun.

Nury aňk-taňk boldy.

— Bu nätdigiň bolýar-aý, Arap?

— Hiç zadam däl. Men seniň oçerkiňiň adyny görenimden näme ýazanyňy bilýän. Şonuň üçinem kolhozçylara çaý içirmän meýdan düşelgesinde kitap okadýan, şaşka-küşt oýnadýan ýerleriňi özüňe berdim.

— Beh, nädip bilýäň-aýt, muny?

— O seň işiň däl, ertir oçerkiňi diňle. Özem seň oçerkiňi gowy görüp binobat berýändir öýtme. Özüňi gowy görýän. Sebäbi seni göremde, menem adam sanyna giräýýän. Ýogsam boýumdan utanyp, köçä çykyp bilemok. Ýygyrajyk gelip dur.

Ine, ol Nury bilen şeýle açyk bälçireşerdi.

«Dost — dostuň aýnasy» diýip halk içinde aýdylýar. Şonuň üçinem kemçiligiňi ýüzüňe aýdyp bilýän dosty Nury hakyky dost hasaplaýar, sarpasyny saklaýar.

Onuň kitaplarynyň rus dilinde merkezi neşirlerde yzly-yzyna çykmagynda-da, dürli dillere terjime edilmeginde-de ýene şol dostlukly gatnaşyk uly güýje eýe. Nurynyň goşgularynyň terjimeçisi B.Prihodko maşgalasy bilen Aşgabada gelip, hepdeläp, aýlap onuňkyda myhmançylykda bolsa, moskwaly terjimeçi Naum Grebnewiň öýi Nury üçin ýakyn ojaga öwrülipdi.

Talant talanty tapýar. Nurynyň dostlary ýeke ýazyjy, şahyrlar däl. Suratkeşler, kompozitorlar, aýdymçylar bilenem şeýle. Tanymal suratkeş Yzzat Gylyjow bilen Nurynyň hiç hili gatnaşygy bolmajak ýalydyr. Emma bular, gör, näçe ýyllar hakyky manysyndaky dostluk gatnaşygyny sakladylar. Kompozitor Abdy Gurbanow bilen, soňra Durdy Nuryýewiň döreden ajaýyp aýdymlary-da şol dostlugyň miwesi. Nurynyň sözlerine beýleki kompozitorlaryň dürli ýyllarda döreden, henize-bu güne çenli aýdylyp ýören aýdymlarynyň haýsy birini sanajak. Ýörite aýdym üçin goşgy ýazýan şahyrlar bar. Nury Baýramow hem şol aýdymçy-şahyrlaryň biri. Diňe bir Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň elektrodutaryň sazyna goşup aýdýan «Gelmediň» diýen ýakymly aýdymynyň özi nämä degmeýär!

Diňläň! «Säherdäki sallançak» atly goşgular kitabynyň bir tomlugynyň iň soňky sahypasynda size — okyjylaryna şeýle diýýär:

Ynha, ýazan goşgularym,
Isle käýe, isle söý.
Ýöne etjek ýekeje
Haýyşyma gulak goý.

Arzuwňa ganat bekläp,
Mydam bile bolsun ol.
Eger şeýdip bilmese,
Goşgym däldir, bilsin ol.

Kiçigöwünli, uly talant Nury Baýramowyň «Örän uzaga çeken günler», «Ýylgyn güli», «Magtymgulynyň ýaşlygy», «Döwli guýy», «Ömrüň manysy»... ýaly ençeme ajaýyp powestleri, «Sähra ýollary» ýaly romany, «Meniň hazynam», «Ýönekeý goşgular», «Dostluk älemgoşary» ýaly goşgudyr poemalar toplumlary bireýýäm okyjylaryň arasynda öz janköýerlerini tapdy. Ol kitaplar bireýýämden bäri okyjylaryň özüne degişli ruhy baýlyk. Öz halkynyň ruhy hazynasy bolup bilmek bolsa diňe ussatlara başardýar.

Anna PAÝTYK,

1990 ý.