“Karta – diňe bir territoriýa däldir.”

Alfred Koržibski, polýak-amerikan alymy we filosofy

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasy hemmämiziň mekdep partasyndan tanyş bolan kartamyzdan kem-kemden ýüz öwürmäge çagyrýan rezolýusiýany kabul etdi.

Dünýäniň geografiýa synplarynyň, kitaphana zallarynyň, syýahat agentlikleriniň diwarlarynyň kileňinde diýen ýaly asylgy duran Merkatoryň meşhur silindrik proýeksiýasy 1569-njy ýylda görnükli flamand kartografy Gerard Merkator tarapyndan döredildi. Öz döwri üçin onuň bu işi hakyky tehnologik öwrülişik bolupdy. Kartanyň esasy aýratynlygy, obýektleriň burçlaryny we şekillerini dogry saklap bilmegindedi. Bu ony Beýik geografiýa açyşlary eýýamynyň deňizçileri üçin çalşyp bolmajak kämil gurala öwrüpdi: indi kapitanlar azaşmakdan heder etmän, onuň üsti bilen göni ugurlaryny (loksodromiýalary) kesgitläp bilýärdiler.

Emma bu nawigasiýa amatlylygy üçin ägirt uly matematiki eglişige, ýurtlaryň we yklymlaryň ölçegleriniň üýtgedilmegine göz ýummaly bolnupdy. Territoriýalar ekwatordan näçe köp daşlaşdygyça olaryň hakyky ölçeglerindäki süýndürilmeler şonça-da artýardy.

Ýoýulmalaryň matematikasy

Merkator proýeksiýasynyň matematikasy ekwatordan polýuslara ýakynlaşdygyňça ulaldyjylyk güýji artýan ägirt uly lupa meňzeýärdi.

· Göni ekwatorda (giňligiň 0°): Karta kämil we dogry proporsiýalary görkezýär. Ekwator guşaklygynyň ýurtlary (Kongo, Ekwador, Indoneziýa) öz hakyky masştabynda şekillendirilýär.

· Aram giňliklerde (30°–45°) — Ortaýer deňzi, ABŞ ýa-da Hytaý sebitlerinde — meýdanlar wizual taýdan takmynan 1,3–2 esse ulalýar.

· 60° giňlikde (Skandinawiýa, Sankt-Peterburg, Alýaska) masştab uzynlygyna we inine 2 esse süýndürilen. Bu, islendik obýektiň görünýän meýdanynyň ekwator bilen deňeşdirilende eýýäm 4 esse ulalýandygyny aňladýar!

· Polýusa golaý giňliklerde (70°–90° we ondan ýokary): Ýoýulma koeffisiýenti astronomik derejä ýetýär: demirgazyk ýerler wizual taýdan 10–30 esse we ondan hem köp ulalýar.

 

Geografik illýuziýalar: Görünýäni we Hakykat

Ýoýulmalaryň bu gradiýenti sebäpli, öwrenişen kartamyz akyla sygmajak ýalňyşlyklary döredýär:

· Grenlandiýa we Afrika: Polýusyň hut özünde ýerleşýän Grenlandiýa Merkatoryň proýeksiýasynda şeýle bir ulaldylýar welin, tutuş Afrika bilen deň hala gelýär. Hakykatda Afrika (30,3 mln km²) Grenlandiýadan (2,16 mln km²) takmynan 14 esse uludyr. Afrika yklymynda bütin Grenlandiýa, ABŞ, Hytaý we Hindistan bilelikde arkaýyn ýerleşip bilerdi.

· Alýaska we Braziliýa: Merkatoryň kartasynda Alýaska Günorta Amerikanyň ýarysyna deň bolan ägirt uly monolit ýaly bolup görünýär. Hakykatda bolsa, diňe Braziliýanyň özi (8,5 mln km²) 5 sany Alýaskany (1,7 mln km²) öz içine sygdyryp biler.

· Hindistan we Skandinawiýa: Skandinawiýa ýarym adasy ägirt uly bolup görünýär, Hindistan bolsa misli günortadaky kiçijik üçburçluk. Hakykatda Hindistan (3,28 mln km²) ähli Skandinawiýa ýurtlarynyň (takmynan 878 müň km²) jemi meýdanyndan takmynan 4 esse uludyr.

· Madagaskar we Beýik Britaniýa: Madagaskar adasy wizual taýdan Beýik Britaniýadan uly däl. Emma hakykatda Madagaskar Birleşen Patyşalykdan takmynan 2,5 esse uludyr.

Bu suratda Alýaskanyň (solak ýaşyl) hakyky ölçegi bilen Braziliýa, Grenlandiýanyň (gyzyl), Russiýanyň (açyk gök), Türkmenistanyň (açyk sary) hakyky ölçegleri bilen Afrika yklymynyň göwrümi we Madagaskaryň (açyk ýaşyl) hem Hindistanyň (mämişi) polýuslara ýakyn ýurt bolandyklarynda nähili ölçeglere eýe boljakdygy görkezilýär.

Netijede, Global Demirgazygyň ýurtlary (Russiýa, Kanada, Grenlandiýa, Ýewropa) wizual taýdan biziň planetamyzyň üstünden agalyk edýän derejede ägirt uly meýdana eýe ýaly bolup görünýär. Şol bir wagtda-da Hindistanyň, Günorta Amerikanyň we Afrikanyň uly territoriýa eýe bolan döwletleri bolsa olara garanyňda has kiçi görünýär.

Kartografik imperializm we adalat ugrundaky göreş 

Karta hemişe ony çyzanyň dünýägaraýşyny şöhlelendirýär. Ýewropaly kartograflar Ýewropany dünýäniň ýokary merkezine ýöne ýerden ýerleşdirmändirler. Muny etmek üçin olar ekwatory emeli usul bilen aşak süýşürmeli bolupdyrlar. Netijede, kartanyň aşaky ýarysy ýokarky ýarysyna garanda gysga (1-nji karta serediň ekwatoryň ýokarky bölegi 85°-larda dynýar aşaky bölegi bolsa 65°-larda tamamlanýar)  we planetamyzyň ilatynyň aglaba böleginiň ýaşaýan ekwator ýurtlary bolsa wizual taýdan dünýäniň çetine öwrülen.

Tankydy kartografiýanyň (geografiýanyň bir akymy) subutnamasyna görä: taryhy taýdan Merkatoryň proýeksiýasyny kolonial döwletler özleriniň wizual ululygyny nygtamak we Global Günortanyň ähmiýetini düşürmek üçin ulanypdyrlar.

Uzak wagtlap bu umumy ykrar edilen kada – etalon hasaplanýardy. Emma soňky onýyllyklarda sosiologlaryň howatyrlanmasy bilen howsala jaňlary kakylmaga başlanyldy. Bu adalatsyzlyga garşy ilkinji bolup 1973-nji ýylda nemes taryhçysy Arno Peters çykyş edip, öz alternatiw kartasyny hödürleýär. Syýasy durmuşda bolsa, ilkinji bolup 2017-nji ýylda Boston (ABŞ) häkimiýetleri hereket edip başlaýarlar: olar döwlet mekdepleriniň diwarlaryndan köne kartalary aýyrmak we olary deň ölçegli kartalar bilen çalşyrmak barada öň görlüp-eşidilmedik karara gol çekýärler.

BMG-da diplomatik öwrülişik: Sesler nähili paýlandy

Ýöne, ýerli mekdep başlangyjynyň global diplomatik prosessine öwrülmegi üçin güýçli syýasy katalizator gerek boldy. 2020-nji ýylyň başynda badalga alan “Kartany düzediň” (“Correct the Map”) atly giň gerimli halkara kampaniýasy şol katalizator boldy. Aktiwistler ýoýulan geografiýanyň ösüp barýan ýurtlara goýulýan maýa goýumlaryny gönüden göni bökdeýändigi baradaky ideýany öňe sürüp başladylar. Bu kampaniýa Togo döwletiniň ýolbaşçylygyndaky Afrika Bileleşiginde uly goldaw tapdy we olar bu meseläni akademiki jedeller meýdanyndan dünýäniň baş münberine çykardylar.

2026-njy ýylyň güýzünde BMG-nyň Baş Assambleýasy “Adalatly geografiýa bilimi we dünýäniň kartografik standartlaryna gaýtadan garamak hakynda” atly rezolýusiýa garady. Baş Assambleýanyň zalyndaky ses berişlik dünýä syýasatyndaky täze güýç balansyny aýdyň görkezdi:

· “Razy” (164 döwlet): Rezolýusiýany Afrika, Latyn Amerika, Aziýa ýurtlary we Ýewropa döwletleriniň aglaba köplügi biragyzdan goldady. Diplomatlar “milletleriň kognitiw deňligini dikeltmek” üçin bu ädimiň bireýýäm ädilmek zerurlygynyň ýüze çykandygyny bellediler.

· “Garşy” (1 döwlet – ABŞ): ABŞ bu başlangyja garşy ses beren ýeke-täk ýurt boldy. Amerikan wekiliýetiniň wekili münberden şeýle diýdi: “BMG XVI asyryň nawigasiýa kartalaryna garşy göreşmäge däl-de, ýeriň ýüzündäki uruşlaryň, açlygyň we ykdysady krizisleriň öňüni almaga ünsüni jemlemelidir”.

· “Bitarap galanlar” (21 döwlet): Bitarap galanlaryň hataryna Beýik Britaniýa we onuň birnäçe strategik hyzmatdaşlary girdi. Olar öz beýanatlarynda meýdanlaryň ýoýulma meselesiniň hakykatdanam bardygyna garamazdan, bilim materiallarynyň saýlanylmasy BMG-nyň rezolýusiýasy arkaly düzgünleşdirilmän, eýsem her bir garaşsyz döwletiň içerki işi bolup galmalydygyny bellediler.

Rezolýusiýanyň özi emosional we çuňňur boldy. Onuň tekstinde oýlanmaga mejbur edýän şeýle sözler bar:

“Karta — bu çaganyň Älemde öz orny barada düşünje alýan ilkinji guralydyr. Ösüp barýan nesillere dünýäniň ýoýulan keşbini hödürlemek — çagalykdan başlap aňasty deňsizligiň tohumyny ekmek diýmekdir. Baş Assambleýa döwletleri, bilim edaralaryny we media serişdelerini dünýäniň meýdan ölçeglerini obýektiw hem adalatly şöhlelendirýän we milletleriň territorial giňişliklerine sarpa goýýan proýeksiýalara geçmegi çagyrýar.”

 

BMG resmi taýdan “Deňölçegli Ýer” (“Equal Earth”) proýeksiýasyny ulanmagy maslahat berdi. Onda dünýä başgaça görünýär: Afrika we Günorta Amerika özüniň hakyky, ägirt uly agramyny alýar, demirgazyk territoriýalar bolsa has kiçi we hakyky masştablaryna eýe bolýar.

Täze kartanyň psihologik täsiri: Dünýäniň keşbiniň gaýtadan düzülmegi

“Deňölçegli Ýer”  (“Equal Earth”) proýeksiýasyna geçmek – diňe bir okuw kitabyndaky suraty çalyşmak däldir. Bu köpçülikleýin aňy üýtgetmegiň güýçli guralydyr.

· “Geosyýasy agalyk” kompleksiniň ýykylmagy: Ynsan beýnisi aňasty ýagdaýda wizual ölçegi möhümlik we güýç bilen baglanyşdyrýar. Täze karta Demirgazygy emeli ululygyndan mahrum edip, Ýewropany Ýewraziýanyň otnositel taýdan kiçi, ýöne gür ilatly ýarym adasyna öwürýär.

· Global Günortanyň wizual taýdan ses almagy: Adam, Afrikanyň, Günorta Amerikanyň we Hindistanyň hakyky ölçeglerini ilkinji gezek görende, hormat duýgusyny başdan geçirýär. Olaryň masştaby Günortanyň ägirt uly demografik we resurs potensialyna düşünmäge mejbur edýär.

· Ekologiki pikirlenişiň kemala gelmegi: Täze karta Amazoniýanyň we Kongonyň ekwator tokaýlarynyň gerimini dogry görkezýär. Ekwatorda «planetanyň öýkenleriniň» nähili uly meýdany eýeleýändigi aýdyň bolýar, bu bolsa dünýäniň ekologiki jogapkärçilik fokusyny üýtgedýär.

· Bilim deňsizliginiň aradan aýrylmagy: Afrika ýa-da Latyn Amerikasy ýurtlaryndaky çagalar üçin köne karta özüne bolan ynamy peseltmegiň guralydy. “Deňölçegli Ýer”  (“Equal Earth”) proýeksiýasy kognitiw adalatlylygy dikeldýär we ýoýulmazdan sagdyn milli mertebäni emele getirýär.

Jemleme: Hiç bir karta kämil däldir

Täze karta geçmek — bu kolonial illýuziýalar bilen hoşlaşmagyň agyr, ýöne zerur prosesidir. Biz planetany hakykatda nähili bolsa-da şol bolşy ýaly görmegi öwrenmelidiris.

Şeýle-de bolsa, kartograflar bir möhüm hakykaty ýatladýarlar: islendik tekiz karta gürrüňsiz suratda özünde kemçilikleri we ylalaşyklary jemleýär. Üç ölçegli sferany tekiz kagyz ýüzüne ýa-da smartfonyň tekiz ekranyna meýdanyny ýa-da aralygyny ýoýmazdan geçirip bolmaýar. Her bir karta — diňe mümkin boldugyndan iň az ýalňyşlygy goýbermek ugrundaky synanyşykdyr.

Biziň umumy öýümiziň hakyky proporsiýalaryny görkezýän, ýekeje kilometri-de ýoýmaýan, hakykatdanam dogruçyl bolup galýan ýeke-täk gural — adaty mekdep globusydyr.

Makalanyň awtory: Resul G.