Pelsepe we dünýägaraýyş akymlarynyň barmakda düşündirilişi:
1. Platonizm – Ýadyma düşdi! Meniň barmaklarym bar!
2. Neoplatonizm – Meniň barmaklarym bar! Ýöne, bu meniň ýadyma düşmedi...
3. Atomizm – Barmaklar bar, ýöne olar örän kiçijek we olar juda köp...
4. Kinikizm – Barmaklar bar. Ýöne näme üçin?...
5. Stoisizm – Barmaklar gutulgysyzdyr.
6. Iudaizm – Meniň barmaklarym barmaklaryň barmagydyr!
7. Zoroastrizm – Çep barmaklar bar, sag barmaklar bar, özem olar deň-dermandyr.
8. Induizm – Her barmaga bir dharma (ýazgyt)!
9. Buddizm – Barmaklar panydyr – onda olar nämäňe gerek?!
10. Konfusianizm – Barmaklar. Olar diňe barmaklardyr.
11. Daosizm – Barmaklardan hiç ýere sypyp bilmersiň.
12. Hristiançylyk – Barmaklar bäş sany, ýöne eliň aýasy ýekeje ahyry!...
13. Hristiançylyk ýeresler (tersa akymlar) – Barmaklar bäş sany däl eken-ä!...
14. Orta asyr pelsepesi – Barmaklar aň ýetirerden uç-gyraksyzdyr;
15. Renessans döwrüniň pelsepesi – Barmaklaram bar eken-ä!...
16. Sensualizm – Eger-de barmaklara ursaň we olar agyrsa, onda olar bardyr, eger-de agyrmasa, onda olar ýokdur.
17. Idealizm – Barmaklar bardyr, sebäbi men olar bar diýip pikir edýärin.
18. Subýektiw idealizm – Ine häzir men barmaklar barada oýlanmagymy bes ederin welin, olar gürüm-jürüm bolar!
19. Agnostisizm – Barmaklar-a barlygyna bardyr welin, ýöne muny subut edip bilseň et bakaly...
20. Materializm – Barmaklar bar, hut şonuň üçinem men olar barada pikirlenýärin.
21. Dialektiki materializm – Sag we çep barmaklaryň bitewüligi we göreşi.
22. Rasionalizm – Barmaklar bar. Sebäbi olaryň bolmazlygy mümkin däl.
23. Skeptisizm – Bu barmaklara düşünip bilseň düşün bakaly!
24. Determinizm – Hemme zat ilki bilen barmaklaryň nähili barmaklardygyna bagly...
25. Magaryfyýet taglymaty – A sen öz barmaklaryň üçin näme etdiň?
26. Gegele eýerijilik taglymaty – Barmaklar bar-r-r!!! Ýöne nädipdigi düşnüksiz?!
27. Nişse eýerijilik taglymaty – Öz barmaklaryňa uzak wagtlap seretmek gerek däl, ýogsa günlerde bir gün barmaklaryň saňa sereder...
28. Marksizm – Bu edil iki barmak ýalydyr.
29. Marksizm-Leninizm – bu iki barmak bilen asfalta uran ýalydyr.
30. Irrasionalizm – Asla şu barmaklar barmy bir?
31. Pozitiwizm – Barmaklar-a barmaklardyr-la welin, ýöne...
32. Ekzistensializm – Meniň bir ýerlerimd-ä barmaklaram bolmalydy...
Çeşmesi: https://www.anekdot.ru/id/21002. 07.05.2020ý.
S.Ataýew

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň