Hemra ŞIROW

A

Ýüzmüze sylyp,

Begenýäs bijaý.

Görünse gökde

Täze dogan...

 

B

Baýramçylyga

Barýarlar haýdap,

Ýüzlerde şatlyk,

Gollarda...

 

Ç

Iýmitler başy,

Ol mydam gerek.

Saçaklarmyzyň

Bezegi...

 

D

Çaly, aýrany

Zerur her öýe.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

E

Un eleýän zat,

Torly – tegelek.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

Ä

Gezýäris gyşda

Dogumly ädip,

Aýaklarymyzda

Bar bolsa...

 

F

Tomaşaçylar

Gygyrýar: «Ut, bol!»

Sport öýünde

Oýnalsa...

 

G

Otlar gögerip,

Çykanynda ýaz,

Derýa, köllere

Gelýär akja...

 

H

Ony hemmäňiz

Bilýäňiz garaz,

«Janly sagat» ol,

Diýýärler...

 

I

Öýňi ynanyp,

Nirä gitseň-git,

Ogry-jümrüden

Pugta gorar...

 

J

Awçydan gaçyp,

Köp görgi gören,

Diýýärler onuň

Adyna...

 

Ž

Gezýär ol hemmäň

Üstünden garap,

Diýýärler onuň

Adyna....

 

K

Köp zady ondan

Öwrenýäs okap,

Diýýärler onuň

Adyna...

 

L

Sülmüräp otyr

Owadan agaç.

Adyna onuň

Diýýäs...

 

M

Berýär ol bize

Bilim hem edep.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

N

Baglarymyzda

Dürli miwe bar:

Erik, garaly,

Alma-armyt...

 

Ň

«Ň» harpyndan ýok

Ýekeje söz hem.

Ynanmasaňyz

Gözläýiň siz hem!

 

O

Demir ýol bilen

Barýar ol batly.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

Ö

Ýüzýär ol suwda

Küregi bar dek.

Diýýäs ol guşuň

Adyna...

 

P

Ýer depip berýär,

Çekip berýär çil,

«Ýeke gulakly

Kömekçimiz»...

 

 R

Tamdyr çöregin

Söýýäs köp öýde.

Çörek ýapmaga

Gerek...

 

S

Diňleseň göwnüň

Bolýar ala-ýaz.

Adyna onuň

Diýýäris biz...

 

Ş

Gün ýaşsa, «uwlap»,

Edýär galmagal.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

T

Ondan mekirje

Jandar ýok, belki,

Diýýärler onuň

 Adyna...

 

U

Ýaşasyn azat –

Erkana durmuş!

Bolmasyn hiç wagt

Nägehan...

 

Ü

Golunda hoşa

Bar düzüm-düzüm.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

W

Azat-erkana

Ýaýylyp ýatan,

Ajaýyp ülke –

Bu biziň...

 

Y

Başlan dessine

Garaňky düşüp,

Çyralar köçä

Berýärler...

 

Ý

Ýagýar «şabyrdap»,

Gelende gyş.

Diýýärler onuň

Adyna...

 

Z

Gahary gelse,

Çişýär ol kem-kem.

Diýýärler onuň

Adyna...

Hemra ŞIROW