Meniň ähli söýýän zadym -
Tebigatyň özünde bar.
Güllem, guşlam, salkyn bagym -
Tebigatyň özünde bar.
Ne Aý, ne-de ýyldyz daşda,
Reýhanlaryň ysy başga,
Meni melul eden çeşme
Tebigatyň özünde bar.
Jürküldisi serçeleriň,
Ülpüldisi gunçalaryň,
Tarsyldysy zamçalaryň
Tebigatyň özünde bar.
Parahatlyk, rahatlyk,
Şatlyk, bolçulyk, sagatlyk,
Garaňkylyk hem-de aklyk,
Tebigatyň özünde bar.
Çöller, düzler, dag-u-depe,
Ne-hä kemdir, ne-de öte,
Alyp gidýän ýol jennete -
Tebigatyň özünde bar.
@Suraý Babanyýazowa

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.