
Göz öňüne getir: säher. Kiotodaky kiçijik bir bag. Daşdan ýasalan çüwdürimden suw damýar. Şol bir ses, şol bir ritm.
Bir garry adam kölegede otyr. Ol haýku okaýar - ýaponlaryň üç setirlik gysgajyk goşgusy. Bary-ýogy on ýedi bogun. Tutuş bir pasyl şoňa sygýar.
Sen bolsa şol üç setiri okap, "bolany şumy?" diýýäň. Hawa, bolany şol. Ýapon dizaýnynyň birinji sapagy hem şu: az söz - köp many.
Indi hakykata dolanaly. Sen Kiotoda däl. Türkmenistanda, şäheriňde ýa-da obaňda, kompýuteriň öňünde otyrsyň. Ekranyňda 47 sany gatlak, 12 sany reňk, üç dürli şrift. Müşderi bolsa "birhili boş ýaly, ýene bir zatlar goş" diýýär.
Ine, edil şu ýerde ýaponlar müň ýyl mundan öň tapan jogaby: azaltmak.
Ýaponlar bu barada oýlanmaga wagt tapypdyrlar. Olar güli küýzä goýmagy sungat derejesine ýetiripdirler. Bir şaha, bir gül, bir küýze - boldy. Biziňkiler bolsa eliň aýasy ýaly ýere ähli zady sygdyrjak bolýarlar. 5-6 surat, 15 ikonka, we bir tomluk tekst.
Aşakdaky ýedi söz düýbünden dizaýn üçin oýlanyp tapylan sözler däl. Olar zen buddizminden gelýär. Ýaponlar olary asyrlar boýy başga ýerlerde ulanypdyrlar - çaý dessurynda, bag ýerleşdirişde, ikebanada, hatda gylyç tutuşda. Soňra XX asyrda dizaýnerler bu düşünjeleriň ählisiniň bir zada gulluk edýändigine göz ýetiripdirler: artykmaç zady aýyrmak we galanyny dogry ýerleşdirmek. Şonuň üçin bu gün olar Apple-yň gaplamasynda-da, Muji-niň tekjesinde-de, seniň açan täze Figma faýlyňda-da işleýär. Atlary kyn - Fukinsei, Kanso, Shibui, Shizen, Yūgen, Seijaku, Datsuzoku. Emma manylary şeýle bir ýönekeý welin, okap bolanyňdan soň "muny men özüm hem bilýädim-ä" diýersiň. Bilýädiň. Ýöne ulanmaýardyň.
Çaý taýýarla. Telefonyňy rahatrak tut. Başladyk.
Fukinsei

Kanso

Shibui

Shizen

Yugen

Seijaku

Datsu-Zoku

menden bir haýku:
Köpetdag
Daglar dumanda,
bir çopan sesi geldi -
soň ýene ümsüm.

Teswirler (5)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...