Otparazçylyk dini takmynan, biziň eýýamyzdan öňki I müňýyllygyň 1-nji ýarymynda “Mouru ýurdy[1]” diýlip atlandyrylýan ülkede döräpdir we tä yslam dini döräp Orta Aziýa ýurtlaryna ýaýraýança iň giňden ýaýran din bolupdyr. Bu dine başgaça onuň pygamberiniň ady boýunça Zorastrizm hem diýilýär.
Otparazçylyk dininiň pygamberi Zaratuştra (başgaça, Zarduşt, Zordost, Zaratustra, Zoroastr) takmynan b.e.ö. X asyr bilen VI asyryň 1-nji ýarymy aralygynda, bu diniň mukaddes kitaby bolan Awestada aýdylyşy ýaly, Marg ýurdunda padymanyň (sygyr çopanyň) maşgalasynda dünýä inýär. Zaratuştranyň ady bir çeşmelerde: “sary düýeli” diýmegi, başga çeşmelerde: “düýe sürüji” diýmegi aňladandygy aýdylýar. Onuň kakasy Paruşaspyň ady: “menekli adyny eýeleýji”, ejesi Dügebawanyň ady: “sygyr sagyjy” diýmegi, “Awesta” sözi bolsa gadymy pars dilinde: “apastãk-esasy ýazgy” diýmegi aňladypdyr.
Awestanyň ilkinji baplary (pars dilinde: “fargratlary”) Zaratuştra tarapyndan döredilipdir, ondan soň bolsa tä yslam dini ýüze çykyp giňden ýaýraýança, ýagny biziň eýýamymyzyň VII asyryna çenli otparazlyk dininiň bu mukaddes kitabynyň mazmuny baýlaşdyrylyp gelipdir. Awestanyň mazmuny, onda beýan edilen älem we onuň gelip çykyşy baradaky garaýyşlar IX asyrda pehlewi dilinde ýazylan “Bundahişn” (Dünýäniň döreýşi) atly dini kitapdan bellidir. Şol kitapda Awestanyň biziň günlerimize gelip ýetmedik “Damdat nask” atly 4-nji kitabynyň mazmuny beýan edilýär.
Awestanyň “Wendidat” atly kitabynda otparazçylyk dininde ýagtylygyň we ýagşylygyň hudaýy Ahura-Mazda (pehlewi we pars dillerinde Ormazd) “Parasatly Hudaý” tarapyndan dünýäniň döredilişi, şertnamalar we jenaýatlar, saç, dyrnak we ş.m., merhumlary jaýlamagyň usullary ýaly dini hem dünýewi gatnaşyklary garyp düzgünleşdirýän dürli dini häsiýetli kadalar beýan edilýärler.
Awestadan görnüşi ýaly, Ahura-Mazda ýokary derejeli ýagtylygyň hudaýy, onuň garşydaşy bolsa tümlügiň hem erbetligiň hudaýy Anhra-Manýu (pehlewi we pars dillerinde Ahriman, grekçe Ariman) “Betpäl Ruh” atly hudaý bolupdyr. Otparazçylyk dininde ot – parsça “Atar”, pehlewi dilinde “Adur” mukaddes saýylypdyr we oňa çokunylypdyr, mynajat edilipdir. Awestanyň görnüşleriniň biri bolan “Kiçi Awestada” hatda ot – Atar Ahura-Mazdanyň adam şekilli ogly – kiçi hudaý diýlip hem beýan edilipdir. Otparazçylyk dininiň esasy ynançlarynyň biri-de Ýagşylygyň hem Ýamanlygyň, Ýagtylygyň we Tümlügiň arasynda ebedi dowam edip gelýän göreşe bolan ynamdyr.
Zaratuştranyň doglan ýeri barada Awestada hiç hili maglumat berilmeýär. Has takygy, Awestanyň onuň terjimehaly beýan edilýän 12-13-nji kitaplary (nasklary) biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir. Zaratuştra barada has giňişleýin maglumatlar 1278-nji ýylda pars dilinde ýazylan “Zarduştnama” atly poemada berilýär. Ol poemadyk maglumatlar hem ady we ýazary häzirki döwrün ylmyna mälim bolmadyk pehlewi dilindäki çeşmeden alnypdyr diýen çaklama bar.
Awestanyň biziň döwrümize gelip ýeten ýazgylaryndan bolsa, diňe Zaratşutranyň Raga ülkesi bilen aýratyn arabaglanyşygynyň bardygy bellenilýär we onuň kakasy Poruşaspanyň öýüniň “Dareja” atly derýanyň boýunda ýerleşendigi ýatlanylypdyr. Emma, häzirki döwürde “Dareja” derýasynyň haýsy derýadygy belli däl. Pehlewi çeşmeleri Zaratuştranyň doglan ýeri hökmünde Midiýanyň[2] Atropatakan welaýatyny görkezýärler. Orta asyrlaryň çeşmeleri hem Zaratşutrany Midiýada doglan diýip hasap edýärler. Emma, doglan ýurdunyň haýsy ülkedigine garamazdan Zaratuştranyň otparazçylyk dinini ilkinji wagyz edip başlan ýurdy Baktriýa[3] bolupdyr.
“Zarduştnama” atly poema laýyklykda, Zaratuştra 30 ýaşyna baranda oňa täze din aýan bolupdyr we ol özüniň Ahura-Mazdanyň pygamberidigine göz ýetiripdir. Anhra-Manýu we döwler oňa zyýan ýetirmäge dalaş edipdirler. Şondan soň Zaratuştra öz dinini wagyz edip başlanda ony öz taýpasyndan kowupdyrlar we ol on iki ýyllap sergezdançylyk edenden soň, 42 ýaşynda Kawi-Wiştaspanyň ýurduna gelipdir.
Şol ýerde bu ýurduň patyşasynyň öz dinine uýmagyny gazanypdyr. Soňra patyşanyň permany bilen otparazçylyk dininiň mukaddes ýazgylaryny 12.000 sany öküziň derisiniň (pergamentiň) ýüzüne altyn suw çaýylan syýa bilen geçiripdirler. Ol kitaby – Awestany patyşanyň köşgüniň hazynasynda ýerleşdiripdirler. Zaratuştra öz ömrüniň dowamynda üç gezek öýlenipdir we onuň üç ogly hem üç gyzy bolupdyr. Zaratuştra 77 ýaşynda mynajat edip oturan mahaly, başga dine uýýan adam tarapyndan öldürilipdir.
Otparazçylyk dini müň ýyla golaý wagtlap gadymy döwürlerde türkmen halkynyň uýan esasy dini bolandygy sebäpli, ol halkymyzyň medeniýetine, ahlak garaýyşlaryna, durmuşy edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna düýpli täsirini ýetiripdir. Türkmen halkynyň b.e. VII asyryndan bäri yslam dinine uýup gelýändigine garamazdan otparazçylyk dininiň dürli dessurlarynyň ol ýa-da beýleki görnüşlerde häzirki günlerde hem ýerine ýetirilýändigine duş gelmek bolýar.
Mysal üçin: çagalaryň boýnuna, eline, aýagyna dakylýan, gara we ak sapaklardan işilip ýasalan alaja ýüp, otparazçylyk dininde Ýagşylyk bilen Ýamanlygyň özara baglanyşygyny hem göreşini aňladypdyr, tahýalara, täze alnan goş-golamlara, ulaglara, jaýlara göz monjugyny dakmak, üstüne un sepmek dessury, şaman oduň üstünden bökmek, hiňňildikde uçmak arkaly “günäleriňi dökmek, günäden päklenmek” hem şol döwürlerden galan dessurlar bolup durýar. Nowruz[4] baýramy hem, şol eýýamlardan bäri, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, Orta Aziýanyň halklarynyň aglaba köpüsiniň arasynda, iň dabaraly bellenýän baýramçylyklaryň biri hökmünde ornaşyp galypdyr.
Edebiýatlarda: “Gyzyň atasy öýünde öldürilen malyň iki öň aýagy „gyzymyz ýüwrük bolsun, gaýynlarynyň hyzmatyny edip, ýüwrüp ýörsün!” diýen niýet bilen bişirilip, gelnalyja berlip goýberilýär. „Atasy öýünden hem örküni üzmesin!” diýip, art aýaklaryny alyp galýarlar. „Ýaşlar ata-enelerini hem ýatdan çykarmasynlar” diýlen ýagşy niýet bilen edilýär”[5] diýlip, şeýle hem: „Käbir ýerlerde gelin oduň daşyndan aýlanylýar. Eger şeýle edilse, gelne „göz degmezmiş, arwah-jyn daramazmyş” (Türkmen halk yrym-ynançlary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 49 s.)” diýlip bellenilýär. Bu yrymlaryň hem öz gözbaşyny otparazçylyk dininden alyp gaýdýandygy çaklanylýar.
Ondan başga-da otparazçylyk dininde şekillendirilýän döwler[6], aždarhalar[7], arwahlar, albassylar türkmen halk ertekilerine ymykly ornaşypdyrlar. Şol döwürleriň garaýyşlary “ot astynda bela galmaz[8]”, “ot dokluk, suw semizlik”, “ot-oraz” ýaly türkmen halk nakyllaryna, oda tüýkürmegiň, oduň ýanýan ýeri bolan ojaga-tamdyra münmegiň[9] günädigi hakyndaky halk yrymlaryna we ynançlaryna öwrülipdir. Şeýle hem halk döredijiligiň beýleki görnüşleri bolan dessanlarda, halk aýdymlarynda hem otparazçylyk dininiň gadymy täsirlerini görmek bolýar.
Ondan başga-da otparazçylyk dini türkmen halkynyň amaly-haşam medeniýetiniň düzüm bölekleri bolan halyçylyk sungatynyň, gelin-gyzlaryň nepis el iş sungatynyň, zergärçilik, ýonaçylyk we ş.m. ýaly senetçilik sungatynyň beýleki görnüşleriniň hem ösmegine düýpli täsir edipdir.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Birinji kitap. – Aşgabat, 2022. Golýazma hukugynda.
[1] Käbir alymlaryň pikirine görä, Awestada agzalýan “Mouru ýurdy” Marguşy (Merwi), häzirki Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çägindäki Goňurdepe ýadygärligi paýtagty bolan gadymy ýurdy aňladýar.
[2] Häzirki Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazyk-günbatar böleginiň gadymy ady.
[3] Amyderýanyň orta we ýokary akymlarynyň ugrunda, häzirki Türkmenistanyň we Özbegistanyň günorta sebitlerinde ýerleşen gadymy ýurduň ady. Türkmençe “Balh”.
[4] Parsça now-täze, ruz-gün, täze gün.
[5] Türkmen halk yrym-ynançlary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 46 s.
[6] Awestada Ahura-Mazda ýa-da Anhra-Manýu gulluk edýän kiçi hudaýlary, jadyly güýji bolan, gorkunç şekilli jandarlar hökmünde şekillendirilipdirler.
[7] Pehlewi dilinde Ažy-Dahaka. Awestada beýan edilişine görä, Ažy-Dahaka üç kelleli ýylan bolup, ony Ahura-Mazdanyň müdimilik duşmany Anhra-Manýu “adalaty we dünýäni derbi-dagyn etmek üçin” döredipdir. Patyşa Ýimany tagtdan agradyp, ony öldürenden soň Ažy-Dahaka (Aždarha) Pradata neberesiniň dördünji şasy bolýar.
[8] Türkmen halk nakyllary. Dil-edebiýаt ylymlarynyň kandidaty, G. Ylýasowanyň redaksiýasynda. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 447 s.
[9] Türkmen halk yrym-ynançlary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 34 s.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...