Ýazmak
Baş sahypaPikirlerBelliklerimŞahsy hatProfilim
HabarlaşmakBiz baradaGizlinlikDüzgünler
Baş sahypaPikirlerBildirişlerŞahsy hat
HemmesiHalanan

Pikir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·5 sentýabr, 07:49

Teswirler sahypasynyň ömri uzak, bu web sahypada ýazgy ýazýan hemmäň galamy ýiti bolsun!📚 Sosial media platformalaryndaky 20-30 sekuntlyk gysga wideolaryň, çäkli postlaryň ynsan beýnini gurçuk deý gemirýän (!) häzirki döwürde, ünsüni jemläp, has uzyn teksti, ýazgyny okamaga ýörite wagt tapaýmak aňsat pişe däl. Her kime başartmaýan bu endige eýe bolan ildeşlerimiziň sany has köp bolsun. Bu giňişlikläki her bir okyjy-ýazyjy, ine hut şu sebäpden meniň üçin iňňän gymmatlydyr. ✨🎉

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

NitrogeN
NitrogeN
Täzeje
@NitrogeN·2 sentýabr, 13:15

Ho kinolarda biri komanda boljak bolup 4-5 adamyň ýanyna "Ýöräýdä meniň bilen diýýär" welin, başda ylalaşman, soňunda üýşüp gelen bolýalara. Şo ýadyma düşdi şutak gelşimizi görüp 😄

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

D
Didar
Gerekli
@Didar·7 sentýabr, 05:47

Düýnüm düýnde galdy. Bu günüm nirde galarka...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·7 sentýabr, 06:35

Täze başlangyçlar üçin gör nähili ajaýyp gün. Hepdäniň başy. Mysal üçin, sosial platformalaryň deregne şu sahypada has köpräk ýazgy okap, pikir-alyşmagy saýlap bilersiňiz. 💡 Okamagyň eşretine göz ýetiren ynsan, aňsat-aňsat bu pişeden el çekmez. 📚 Bu hepdede size şowlylyklar ýar bolsun! 🎉

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Elektron kitaphana
Elektron kitaphana
Öwreniji
@Türkmen_ogly·9 sentýabr, 04:53

Aýaly: - alo, gyýw bizi patrul saklady. adamsy: - näme üçin? - pyýada geçelgeden geçmedik... - ber hany şoňa telefony... - alo diňleýän... - gowymy inim ýagdaýlaryň, senden haýyş ba ... - agam bolanok, kamerada başlyklar görüpdir... - aý inim diňledä ilki bir... - aýt agam - agşama çenli saklaýyňda, men bir ýatyp dynjymy alaýyn... 😅🤦

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

D
Didar
Gerekli
@Didar·10 sentýabr, 05:22

Dostumyň oguljygy kiçijikkä juda ýeserjeden dillijedi (bu wagt ol 25 ýaşynda). Bir gün onuň bilen iki bolup hassahana bardyk. Ol-a oguljygyny barlagdan geçirýär, menem öýkenimi barladýan. Onsoň çagalar bagynda okamagy öwrenen 5 ýaşlyja oglanjyk dälizden dälize gatnap ýörşümize lukmanlaryň gapylaryndaky ýazgylary başaryşyna, ýagny diliniň öwrülişine hem düşünişine görä okamaga başlady: -Gülmän-ölek (Pulmanolog); -Karburator (Kardiohirurg); -Güne-kowalak (Ginekolog); -Optom-al-bölek (Oftalmolog).

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·7 sentýabr, 12:46

"Emeli umumy aň zamanasy gelip ýetdi" (Jensen Huang, Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy). J.Huang düýn öz X hasabyndan emeli umumy aň (Artificial General Intelligence - AGI) zamanasynyň gelip ýetendigni ýokarky sözler bilen yglan etdi. Ol sözüni şeýle dowam etdi: "NVIDIA-ň ýasan çiplerini ulanmak arkaly GPT-6 Astra emeli aň modeli işlenip düzüldi. OpenAI toparyny gutlaýaryn!"... Adamzat taryhynda täze tehnologiýanyň şeýle tiz özgerýän döwri bize gabat geldi. 🚀 Siz nähili pikirde?! 🤔

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Elektron kitaphana
Elektron kitaphana
Öwreniji
@Türkmen_ogly·4 gün

Saýtyň arka fonuna gara reňk goşsaňyz hoşal bolardym. Gije gözüňi ýadadýar. Gündizä el degenok, gijede geljek bolsak arka fony ak. Men hemişe telefonumyň ähli ýerinde gara fon ulanýan. Gara fon meň üçin gaty gowy...

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·8 sentýabr, 07:54

Ynsaby päk (!) adamdy. Ynsabyny ömrüniň dowamynda ýekeje gezegem ulanman dünýeden ötdi. Mazaryna oturdyljak daşda adynyň yzyna "päk ynsaply bende" (!) diýip ýazylsa, tüýs jüpüne düşjek ekeni.

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Dragon
Dragon
Gerekli
@Dragon·4 sentýabr, 05:12

Test

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

E
Engineer
Täzeje
@Maksat·2 sentýabr, 11:56

Öňki (Negro_daýy) Engineer-den salam!

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Meret
Meret
Gerekli
@meretmammedow·5 sentýabr, 11:31

Näme diýseňem işi öz ussadyna ynansaň gowy. "Çarwadarlar bütindünýä oýunlary 2026" bir pursat.

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·6 sentýabr, 07:55

Ynsan ýaşy ulaldygyça durmuşa, adamlara bolan garaýşy özgerýär. 30-yň ortalaryndan soň, wagtyň gymmatyna has gowy göz ýetirip başlaýar. 40-a ýetende, hakyky adamyň gadryn duýýar, oňa başgaça gadyr goýup başlaýar. Şeýle-de orta ýaş, adatça köp adamyň täze pişe (güýmenje) edinýän döwrüdir. Bagtly adamlar bolsa, ýaşlykdan bäri dowam edýän peýdaly endiklerine has berk ýapyşýar. Ýene bir zat - orta ýaş "krizisi" diýilýäni. Bu ýagdaýy her ynsan özüçe (öz ruhy-emosional çeýeligne görä) başdan geçirýär.

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

A
Aslymarly
Täzeje
@Aslymarly·4 gün

Guyz howasy jana yakymly.

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Beýannama
Beýannama
Gerekli
@beyannama·7 sentýabr, 15:52

Iň täze ýazgymy bu giňişlikde size ýetirdim. Mundan beýläk ýazgym, siz mähriban okyjylara amanat. Ýazgyda häzirki döwrüň iň aktual, derwaýys meseleleriniň birine, aňyň çüýremegne (!) üns çekmäge çalyşdym. Özümi taraşlamak, has-da kämilleşdirmek üçin okyjyň tankydy bellik-pikirleri zerurdyr. Baş üstüne. Wagt tapyp okasaňyz, bellikleriňizi we tema hakdaky pikirleriňizi ýetiriň. 😉

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

K
Kab
Öwreniji
@Kab·7 sentýabr, 05:10

Ýaşlara we talyplara "Tik Tok-da tans edýänlere seredip wagt ýitirenden teswirler-de makala, hekaýa okaň" diýibermeli bolupdyr. Tüweleme.

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Orhideya
Orhideya
Öwreniji
@Orhideya·7 sentýabr, 08:14

Pisse (fistaşka) agajyny ýetişdirip bilseň meniň diýýänim 100 sany pisse agajy ýetişdirip bilseň gaty uly peýda bolýar , sebäbi 1 kg pissäniň bahasy 200-500 aralygy görnüşine gprä üýtgeýär. Suw kän talap etmeýär, sowugyda çydamly ýöne bir agajyň miwe bermegi ün 8-10 ýyl garaşmaly . 1 agaçdan 30-40 kg pisse alyp bolýar. Ýöne elbetde pisse seretmek beýle aňsat däl . Umuman daýhan bolsaň aç bolmaýaň

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

R
Rain
Öwreniji
@Rain·4 sentýabr, 09:10

Juma gününin hayyrly bolsun! gowçulykmy onnon?

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

Dragon
Dragon
Gerekli
@Dragon·4 gün

@Näzik. Maşgalaly, çagaly-çugaly, uzakly gün işde bolýan adamyň "özüň üçin gije ýaşap başlamak" diýleni şeýle bolýa)

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň

D
Didar
Gerekli
@Didar·5 sentýabr, 09:56

Ynsany ynsan edip saklaýan zat ynanç. "Ynanamok!!!" diýip arlaýanlaram, aglaýanlaram, zeýrenýänlerem, dymýanlaram... ynanýar. Hatda özleriniň ynanýandygyna düşünmänem ynanýarlar. Meniň bir ynanjym bar: Döretdiler. Dörederis. Dörederler...

Ýüklenýär...

Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň